- tagaşyksyz
- 1) Gelşiksiz, oňaýsyz, nepis däl, gödek, çemesiz.∙ Begenjiň gözüne onuň tagaşyksyz gylly ýogyn barmaklary rula gelişmeýän ýalydy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Gurt bir hili tagaşyksyz sypat bilen ýylgyrdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)2) Göçme manyda Oňaýsyz, ýerliksiz, gödek.∙ Ilkidurmuş adamlarynyň gepleşigi örän tagaşyksyz bolupdyr. (Gadymy Dünýä Taryhy)∙ Gulman arçyn özüniň tagaşyksyz ýogyn gülküsini öz badyna goýberýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Onuň tagaşyksyz göwresiniň ýarysy içerik girdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.